Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini ýurtda giňden bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Soňra wise-premýer Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda resminamanyň taslamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, medeniýet pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda resminama gol çekdi.
Resminama laýyklykda, 2027-nji ýylyň 22 – 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi hem-de hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we türkmen halkyny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.