Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginde täze önümçilik işe giriziler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigiň çäginde dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň hasabyna dürli önümleri öndürmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň Türkmenistanda öndürilmegine we içerki bazarlary üpjün etmäge, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginde täze önümçiligi işe girizmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.