Turkmenportal logo
Düýn 22:24
77767776
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçilik ýola goýlar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçilik ýola goýlar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi.  

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna täze önümçilikleri döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsleşige ukyply nebit-himiýa önümleriniň öndürilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçiligi döretmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.