Turkmenportal logo
Düýn 18:01
63636363
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kiýewde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly çäreler guraldy

25-nji iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de beýik akyldar, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly çäreleri geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çäräniň maksatnamasy Kiýew şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Oňa Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Ukrainanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, alymlar, döredijilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň binasynda geçirilen resmi kabul edişlik bilen dowam etdi. Myhmanlaryň öňünde çykyş eden Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýändigini we ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görülýändigini aýratyn nygtady.

Ilçi milli mirasy gorap saklamagyň we dünýäde wagyz etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Çykyşda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň halkara derejesinde ykrar edilmegine, şol sanda onuň eserleriniň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» sanawyna girizilmegine aýratyn üns berildi.

Ukraina tarapyndan hoşallyk sözi bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekili çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine bolan gyzyklanmany tassyklady.

Türkmen nusgawy şahyrynyň döredijiliginiň ruhy gymmatlygy we ynsanperwerlik ýörelgeleri barada çykyş edenleriň arasynda Taras Şewçenko adyndaky Ukrainanyň ähliumumy «Просвіта» jemgyýetiniň başlygy, «Magtymguly Pyragy» medalynyň iki gezek eýesi Pawel Mowçan bar.

Dabaranyň şowhunyny medeni maksatnama has-da baýlaşdyrdy. Onuň çäginde türkmen diasporasynyň wekilleri şahyryň goşgularyny türkmen we ukrain dillerinde okadylar, şeýle hem dutardyr gyjak ýaly milli saz gurallarynda saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Myhmanlar üçin Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki eserlerini we onuň durmuşyna bagyşlanan ylmy işlerini öz içine alýan kitaplaryň sergisi hem guraldy.