Turkmenportal logo
Düýn 17:51
68146814
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Merkezi Aziýa ýurtlary serhetüsti sil akymlary we suw joşmalaryna garşy bilelikdäki çäreler boýunça ylalaşdylar

Bişkek şäherinde Merkezi Aziýada serhetüsti howa bilen bagly howplaryň öňüni almak boýunça bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmaga bagyşlanan üç günlük sebitara duşuşyk tamamlandy. Oňa sebit ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň, halkara guramalarynyň we ösüş boýunça hyzmatdaşlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyk «Merkezi Aziýada durnukly landşaftlary dikeltmek» (RESILAND CA+) maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Çäräni Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) bilen bilelikde gurady.

Duşuşygyň esasy netijesi hökmünde serhetüsti sil akymlary we suw joşmalary bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak boýunça maýa goýum meýilnamasyny öz içine alýan Sebit ýol kartasynyň taslamasyna garaldy. Resminama geljekde bilelikdäki çäreleri ylalaşmak üçin esas hökmünde kabul edildi. Gatnaşyjylar ony sebit ýurtlarynyň tekliplerini nazara almak bilen kämilleşdirmegi hem-de milli we sebit derejelerinde durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini kesgitlemegi maslahat berdiler.

Duşuşykda howa bilen bagly töwekgelçilikleri dolandyrmagyň sanly özgertmelerine hem aýratyn üns berildi. Taraplar serhetüsti howa hadysalary boýunça Sebit onlaýn katalogyny döretmek, RESILAND CA+ bilim portalyny we landşaftlary durnukly dolandyrmak boýunça sebit maglumatlar binýadyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylaryň bellemegine görä, sanly gurallaryň ösdürilmegi tebigy hadysalara gözegçiligiň hilini ýokarlandyrmaga we maglumatlara esaslanýan çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berer.

Duşuşygyň gün tertibine zaýalanan ýerleri dikeltmek, biologik köpdürlüligi gorap saklamak, tokaý ýangynlarynyň öňüni almak hem-de serhetüsti hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Bu ugurlar sebitiň ähli döwletleri üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Sebitde suw serişdelerini dolandyrmak boýunça başlangyçlara işjeň gatnaşýan Türkmenistan üçin bu duşuşygyň temasy aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň iň uly derýalarynyň aşaky akymynda ýerleşýär we serhetüsti suwlaryny ulanmak hem-de suw joşmalarynyň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň netijeliligine gönüden-göni baglydyr.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2027-nji ýylda Daglyk sebitleri ösdürmek boýunça Hereketleriň bäşýyllygynyň çäklerinde geçiriljek «Bişkek+25» halkara sammitine taýýarlyk görmek hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ylmy edaralaryny birleşdirjek sebit ylmy-barlag merkezini döretmek başlangyjyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, bilim we tejribe alyşmaga, howa bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak hem-de Merkezi Aziýanyň landşaftlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak ugrunda amaly çözgütleri bilelikde işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny tassykladylar.