Turkmenportal logo
Şu gün 15:32
24772477
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilim ugrundaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär – HHR-iň ilçisi

Hytaý bilen Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şahsy goldaw bermeginiň netijesinde örän üstünlikli ösdürilýär. Bu barada Hytaýyň Turkmenistandaky ilçisi Szi Şumin žurnalistlere gürrüň berdi.

«Iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şahsy goldaw we uly üns bermeginiň netijesinde Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň örän üstünlikli ösdürilýändigini aýratyn bellemek isleýärin» — diýip, ol Turkmenistanda hytaý dilini öwrenýän iň gowy talyplara we mekdep okuwçylaryna talyp hakyny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde nygtady.

Dabara Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirildi. «Hytaý ilçisiniň talyp haky» — bu Hytaýyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan hytaý dilini öwrenýän zehinli ýaşlary goldamak üçin döredilen maksatnamadyr. 2026-njy ýyl üçin talyp hakyň ilkinji 20 eýesi 10 talyp we 10 mekdep okuwçysy boldy.

Ýeňijiler 2-nji maýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen hytaý dili boýunça bäsleşikde saýlanyldy.

Diplomatyň sözlerine görä, häzirki wagtda Hytaýda 10 müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar we Türkmenistandaky hytaýly talyplaryň sany hem yzygiderli artýar. Ilçi iki ýurduň halklarynyň biri-biriniň dillerini, medeniýetlerini we däp-dessurlaryny öwrenmäge bolan özara gyzyklanmasyny belläp, muny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň şöhlelenmesi diýip atlandyrdy.

Szi Şumin hytaý nakylyny mysal getirip: «Hytaý dilini öwreniň, dünýäniň ähli ýerinden dostlaryňyzy taparsyňyz» — diýip, talyp hakyna eýe bolanlara hoş sözler bilen ak ýol arzuw etdi.

Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilim ugrundaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär – HHR-iň ilçisi | Turkmenportal.com