Turkmenportal logo
Düýn 12:06
83028302
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň ýaşaýjysy obadaşlaryndan öýkeläp, sekiz adamy zäherledi
Surat: mdcare.ru

Hindistanyň Çhattisgarh ştatynda azyk dükanynyň eýesi tussag astyna aldy, ol adamlara awy bermekde aýyplanýar. Bu barada «The Times of India» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Ýagny Kharwe obasyndan 50 ýaşly Ramsahaý Jaýswal soňky dört aýda sekiz obadaşyna awy berendigini boýun aldy. Ol zäheri goňşusyndan gemrijileri ýok etjek diýip alyp, eýesiz ite berip görüpdir. It ölenden soňra, ol özüniň göwnüne degen obadaşlaryny gezekme-gezek myhmançylyga çagyryp ugraýar hem-de olaryň içgisine zäher goşýar.

Jaýswal goňşularyny öz üstünden gülendikleri, bergilerini bermändikleri we dürli syýasy garaýyşlary üçin zäherländigini gürrüň beripdir. Ýene bir tanşyny bolsa, tersokanlykda şübhelenip zäherläpdir.  Ol awy beren adamlarynyň biri ölmän galyp, hassahana düşenden soňra bu gabahat pişesini bes edipdir.

Obadaşlary heläk bolanlaryň hemmesiniň ölmezinden öň Jaýswalyňkyda myhmançylykda bolandygyny ýatlap, polisiýa ýüz tutupdyrlar. Derňew işleri dowam edýär diýlip, habarda bellenýär.