Turkmenportal logo
Düýn 11:04
78097809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa maý aýynda ýeňil ulaglaryň önümçiligini 47,4 göterim artdyrdy
Surat: dzen.ru

Russiýada ýeňil awtoulaglaryň önümçiligi 2026-njy ýylyň maý aýynda ýyllyk aňlatmada 47,4 göterim, ýagny 51,6 müň birlige çenli; ýanwar-maýda – 6,8 göterim, ýagny 300 müňe çenli artdy. Bu barada ýurduň Rosstat edarasyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Ýük ulaglarynyň önümçiligi maýda 5 göterim, 9,4 müň birlige çenli köpeldi. Ýylyň başyndan bäri bolsa, 19,1 göterim, 47,3 müň birlige çenli kemeldi.

Ýol berlen agramy 5 tonnadan köp bolan awtobuslaryň (elektrobuslardan galany) maýda 731sanysy (ý.aňt. +1,8 göterim) öndürildi. Bäş aýda olaryň 3,4 müňüsi öndürildi. Ýanwar-maýda olaryň möçberi 68,1 müň derejede hasaba alyndy (-10,4 göterim).