Turkmenportal logo
Şu gün 09:20
16351635
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň inženerçilik ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Liwerpulda geçirilen CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri 22–25-nji iýun aralygynda Beýik Britaniýanyň Liwerpul uniwersitetinde geçirilen CDIO 2026-nyň 22-nji Halkara maslahatyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine uniwersitetiň Kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň uly mugallymy Yslam Orazow hem-de uniwersitetiň Ylmy-tehnologiýa merkeziniň müdiri Ahal Akgaýew girdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

CDIO (Conceive – Design – Implement – Operate, ýagny «Oýlap tapmak – Taslamak – Durmuşa geçirmek – Dolandyrmak») başlangyjy inženerçilik bilimini innowasion esasda ösdürmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlyk platformasydyr. Şu ýyl geçirilen iri halkara forumyna dünýäniň 27 ýurdundan 71 uniwersitetiň 157 wekili gatnaşdy.

Maslahatyň esasy mowzugy «Talyplaryň hünär taýdan ösüşini kämilleşdirmek: bahalandyrmada we ikitaraplaýyn arabaglanyşykda innowasiýalar» diýlip kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda çykyşlarda inženerçilik bilimi ulgamynda talyplaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek, bilimleri bahalandyrmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak hem-de ikitaraplaýyn arabaglanyşygyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň uniwersitetiniň wekilleri çykyş edip, ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan ylmy işler, kiberfiziki ulgamlar we häzirki zaman tehnologiýalary boýunça geçirilýän ylmy barlaglar, şeýle hem inženerçilik bilimini ösdürmek babatda toplan tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.

Şeýle hem olar CDIO-nyň giň akademiki ulgamyna agza bolan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen bilelikde geçirilen toparlaýyn mejlislere işjeň gatnaşdylar.