Turkmenportal logo
Şu gün 08:57
15761576
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýanyň, Ekwadoryň we Kot-d’Iwuaryň ýygyndylary futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy

Germaniýanyň, Ekwadoryň we Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndylary futbol boýunça dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy. Bu E toparçanyň soňky tapgyryndaky oýunlaryň netijeleri boýunça belli boldy.

Ekwadoryň ýygyndysy Germaniýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Oýun ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherindäki «MetLife» stadionynda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde Nilson Angulo (9-njy minutda) we Gonsalo Plata (77-nji minutda) tapawutlandy. Germaniýanyň ýygyndysynda bolsa Leroý Sane (2-nji minutda) gol geçirdi.

E toparçanyň beýleki duşuşygynda Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy Kýurasaonyň topary bilen oýnady we 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Iki goluň hem awtory hüjümçi Nikola Pepe boldy (7-nji we 64-nji minutlarda).

Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça Ekwador 4 utuk bilen 3-nji orunda tamamlan hem bolsa, iň gowy 3-nji orunlaryň sekizligine girmegi kepillendirildi. Germaniýa (6 utuk) ýaryş tertibiniň 1-nji ornunda barýar, Kot-d’Iwuar (6 utuk) 2-nji orny eýeledi, Kýurasao bolsa (1 utuk) soňky orunda ýerleşdi.

1/16 finalda Kot-d’Iwuar 30-njy iýunda Tehas ştatynyň Arlingtón şäherinde I toparynyň 2-nji ornuny eýelejek ýygyndy bilen duşuşar. Bu orna Fransiýa ýa-da Norwegiýa dalaş edýär. Kot-d’Iwuar dünýä çempionatynda ilkinji gezek pleý-off tapgyryna çykýar. Mundan ozal topar 2006, 2010 we 2014 ýyllarda gatnaşyp, hemişe toparçalaýyn tapgyrdan jemleýji oýunlara çykyp bilmändi.