Turkmenportal logo
Şu gün 08:46
14271427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Niderlandlaryň, Ýaponiýanyň we Şwesiýanyň ýygyndylary futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy

iderlandlaryň, Ýaponiýanyň we Şwesiýanyň milli ýygyndylary futbol boýunça dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy. Bu F toparçanyň soňky tapgyryndaky oýunlaryň netijeleri boýunça belli boldy.

Niderlandlar Kanzas-Sitide Tunisi 3:1 hasabynda ýeňdi. 3-nji minutda Tunisiň oýunçysy Elýes Skiri öz derwezesine gol geçirdi. Brawýan Brobbi 7-nji minutda hasaby artdyrdy, Ýan Paul wan Hekke bolsa 62-nji minutda üstünligi berkidýär. Tunisiň toparynda Hazem Masturi bir jogap goluny geçirdi.

Şol bir wagtda Arlingtonda Ýaponiýa bilen Şwesiýa 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Netijede F toparçasynda Niderlandlar 7 utuk bilen 1-nji orunda, Ýaponiýa 5 utuk bilen 2-nji, Şwesiýa 4 utuk bilen 3-nji orunda ýerleşdi. Tunis bolsa toparçalaýyn tapgyry utuksyz soňky orunda tamamlady.

1/16 finalda Niderlandlar 30-njy iýunda Meksikanyň Monterreý şäherinde Marokko bilen duşuşar. Ýaponiýa bolsa 29-njy iýunda Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde Braziliýa bilen oýnar. Şwesiýanyň garşydaşy biraz soňra belli bolar.