Turkmenportal logo
Düýn 22:41
51975197
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Azerbaýjan bilelikde «Ene tebigat» atly halkara sergisini geçirer

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde «Ene tebigat» atly halkara sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda belledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Geýdar Aliýew gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde şu ýylyň 19-njy oktýabry 30-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda «Ene tebigat» atly halkara sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýändigini belledi. Gahryman Arkadag bu çäräniň iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtady.