Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Prezident Ilham Aliýew birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň goňşy ýurt bolmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary däp bolan birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadag saparyň dowamynda türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerligiň hem-de hoşniýetliligiň türkmen halkyna goýulýan hormatyň nyşanydygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen halkyna sowgat berlen täze «Dostluk» gämisi üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Saparyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady, senagat, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat goýdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda medeniýet, ylym-bilim, sport ýaly ugurlardaky däp bolan gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Baku hem-de Genje şäherlerinde, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň bolsa Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde ýokary derejede geçirilmegi iki halkyň oguzlardan gözbaş alyp gaýdýan taryhynyň umumylygyna ýene-de bir gezek güwä geçýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew birek-birege alyp barýan döwlet işlerinde mundan beýläk hem üstünlikleri arzuw etdiler.