Hytaýda kesmek üçin bazardaky gassaphana getirilen öküz gaçyp, üç adama şikes ýetirdi. Bu barada «Mothership» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Waka 21-nji iýunda Çanşa şäherinde boldy. Şaýat bolanlar gazaba münen haýwanyň köçede alakjap ýörşüne ýoldan geçip barýan iki adamy süsendigini gürrüň berdiler. Urgudan olaryň biri asmana uçdy, ikinjisiniň aýakgaplary zyňlyp gitdi. Emma öküz munuň bilen köşeşmedi, aldy-da, üçünji adama hüjüm etdi. Adamlar köçe söwdagärleriniň dükanjyklaryna girip, gaharjaň öküzden bukulmaga başladylar.
Tizara polisiýa işgärleri gelip, öküzi atdylar. Ejir çekenleriň ikisi-de hassahana ýerleşdirildi.