Greýsi lakamly žiraf Tehasdaky mülkden gaçdy. Eýesi ol barada habar berene bäş müň dollar baýrak belleýändigini yglan etdi. Bu barada ýerli häkimiýetlere salgylanýan «NBC» teleýaýlymy habar berdi.
Mülküň iş dolandyryjysy žirafy soňky gezek golaýdaky baýryň eteginde görendiklerini gürrüň berdi. Ol Greýs mülküň çägini terk eden bolmaly diýip çaklaýar.
Öň Rim şäheriniň eteginde pil bilen žiraf «Cinecittà» kinostudiýasynda film surata düşürilýärkä gaçdy. Olary birnäçe kino işgäriniň ulaglaryň arasy bilen kowalap barýan wideosy internetde çap edilip, degişmeli belliklere mynasyp boldy.