Turkmenportal logo
25.06.26
1015410154
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lotereýa oýnunda 12 million funt sterling utan adamy gözleýärler
Surat: mirror.co.uk

Beýik Britaniýada Milli lotereýanyň guramaçylary 12 million funt sterling utan näbelli adamy gözleýärler. Bu barada «Daily Mirror» neşiri habar berdi.

Milli lotereýanyň utuşlar boýunça baş geňeşçisi Endi Kartet bagtly petegiň 6-njy iýunda Günorta Uelsdäki Ronta, Kinon, Taw şäher-graflygynda satylandygyny habar berdi. Emma täze dörän millioner nämüçindir, utuşyny almaga gelmedi.

«Bu bir oýunçy üçin görülmedik utuşdyr. Siziň araňyzdan biriňiz kiçi millioner bolduňyz, emma kimem bolsa, ol özüniň durmuşyny özgertjek puluň eýesidiginden bihabar. Biz siziň ähliňize petekleriňizi barlamagy maslahat berýäris» diýip, Karter öz ýüzlenmesinde ýazdy.

Milli lotereýanyň müdirligi utuşyň eýesiniň puluny nagt almak üçin 3-nji dekabra çenli möhletiniň bardygyny-da habar berdi.