Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskow halkara BRIKS guramasynyň özbaşdak ätiýaçlyk puluny döretmek meýilleri barada çaklamanyň ýalňyşdygyny belledi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
«BRIKS-iň haýsydyr bir özbaşdak pul döretmek isleýändigi barada pikir ýalňyşdyr. Gurama ätiýaçlyk puluny peýdalanmak hukugyna garşy çykylan ýa-da çäklendirilen ýurtlary özüne birleşdirýär, şonuň üçin töleglerde milli puluň paýy artýar» diýip, Peskow çarşenbe güni geçen Primakowyň okalyşyklary çäresinde aýtdy.