Turkmenportal logo
Şu gün 11:24
22102210
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Büzmeýinde üç sany köçe döwrebaplaşdyrylar

Aşgabat şäher häkimligi paýtagtyň Büzmeýin etrabynyň üç sany köçesini döwrebaplaşdyrmak üçin harytlary satyn almagy yglan etdi. Işleri Altyn asyr, Köpetdag köçelerinde we Ahal şaýolynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Haryt iberijileri saýlap almak boýunça bäsleşik 2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda sagat 10:00-da geçiriler. Arzalar we degişli resminamalar 8-nji iýulda, sagat 17:00-a çenli Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde (Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 156-njy jaý) kabul edilýär.

Iberiljek harytlaryň şertleri we möçberleri baradaky giňişleýin maglumatlary 39-46-39 we 39-46-38 telefon belgileri, şeýle hem e.fineconomic.gov.tm saýty arkaly alyp bilersiňiz.