Russiýaly daga münüji zenan Alina Pekowa Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: ol planetanyň ähli sekiz müň metrlik belentlikleriniň 14-sini-de boýun egdirdi. Bu barada türgen gyz özüniň sosial tordaky sahypasynda habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Rekord goýan pursady Pekowanyň 33 ýaşy doldy. Ol her biri deňiz derejesinden 8 müň metrden ýokary bolan dag belentlikleriniň ählisine çykdy. Olar: Jomolungma (8 848 m), Çogori (8 614 m), Kançenjanga (8 586 m), Lhosze (8 516 m), Makalu (8 485 m), Ço-Oýýu (8 201 m), Dhaulagiri (8 167 m), Manaslu (8 163 m), Nanga-Parwat (8 126 m), Annapurna (8 091 m), şeýle-de Gaşerbrum I (8 080 m), Broud-Pik (8 051 m), Gaşerbrum II (8 035 m) we Şişapangma (8 027 m).
Bu sepgitler daga münüji zenanyň ajaýyp fiziki taýýarlygyny hem-de egsilmez ruhuny aňladyp, ony meşhur daga münüjileriň hataryna goşýar.