Adatdan daşary yssy howa Ýewropanyň çydamyny synaýana meňzeýär. Birbada ýurtlaryň birnäçesinde howa howpunyň «gyzyl» derejesi girizildi diýip, «MIR 24» habar berýär.
Ispaniýa howa rekordyny goýýar, ol ýerde Selsiý boýunça 40 gradusdan geçdi hem-de bu iýunyň aýagy üçin ortaça görkezijiden iki esse ýokarydyr. Häkimiýetler köçede az bolmagy hem-de köpräk suw içmegi maslahat berýärler.
Fransiýada-da ýeňil däl. Jokrama yssy Eýfel diňine baryp görülýän sagatlary kemmäge mejbur etdi, bu bolsa, syýahatçylaryň keýpini bozdy. «Hawa, maňa yssy, emma Eýfele çykaýsam, mundanam gyzjagymy bilýärin. Düýn howa menzilinden şähere geldik, gaty yssy boldy, otluda özümizi edil gyzgyn çelekde ýaly duýduk» diýip, syýahatçy Tiffani Tang gürrüň berýär.
Termometrleriň sütünjikleri Beýik Britaniýada 40 gradus bellikde saklandy. Londonda we Windzorda, Bukingem köşgüni hem goşmak bilen, däbe öwrülen garawul çalyşmak dabarasyny ýatyrmaly boldy. Ýerli häkimiýetler duýduryş çap etdiler, onda yssy howa aýratyn hem çagalar we gartaşan adamlar üçin howply diýilýär.