Turkmenportal logo
Şu gün 10:11
18841884
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan we Gyrgyzystan obalary alşyp-berişdiler
Surat: zamin.uz/

Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň arasynda döwlet serhediniň demarkasiýasy boýunça işleriň çäginde Çoňgara we Taşdepe obalary Gyrgyzystanyň düzümine girdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat kätibi Askat Alagozowa salgylanýan «Daryo.uz» habar berýär.

Alagozowyň sözlerine görä, öň Fergana oblastynyň düzümine giren bu ilatly ýerlerde 2,5 müň töweregi asyl gyrgyzlar ýaşaýar. Olar indi Gyrgyzystanyň raýatlygyny alyp bilerler.

Öz gezeginde Gyrgyzystan Özbegistana serhetýaka zolakdaky meýdany deň ölçegde bolan ýer böleklerini berdi. Taraplar şeýle hem, umumy meýdany 236 gektar bolan ýer böleklerini Saý we Taýan obalarynyň arasynda awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin alyşdylar. Gyrgyz tarapynyň maglumatlaryna laýyklykda, Batken oblastynyň ýaşaýjylary bu ýol arkaly Aýdarkenden Batkene tiz baryp bilerler. Aralyk öňki 225 kilometriň ýerine 55 kilometre deň bolar diýlip, habarda aýdylýar.