Turkmenportal logo
Şu gün 08:16
12441244
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şweýsariýa Kanadany ýeňip, toparçada birinji ýerden DÇ-2026-nyň pleý-off tapgyryna çykdy

Şweýsariýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Kanadany 2:1 hasabynda ýeňip, B toparçada birinji orny eýeledi. Iki ýygyndy hem ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagy başardy.

Ýeňijileriň düzüminde gollary Ruben Wargas (46-njy minutda) we Žoan Manzambi (57-nji minutda) geçirdi. Kanadanyň ýygyndysyndan bolsa Promis Dewid (76-njy minutda) tapawutlandy.

Şweýsariýa 7 utuk toplap, toparçada birinji boldy. Kanada 4 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Kanadanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek pleý-off tapgyryna çykýar.

1/16 finalda Şweýsariýa toparçada üçünji orny eýeläp,  pleý-off tapgyryna çykan ýygyndylaryň biriniň garşysyna oýnar. Duşuşyk 3-nji iýulda Wankuwer şäherinde geçiriler. Kanada bolsa 28-nji iýunda (ABŞ-nyň) Inglwud şäherinde A toparçanyň ikinji orny eýelän ýygyndysy bilen duşuşar. Bu orna Günorta Koreýa Respublikasynyň, Çehiýanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndylary dalaşgärlik edýär.