Turkmenportal logo
Şu gün 07:17
12691269
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Braziliýa Şotlandiýany ýeňip, DÇ-2026-nyň pleý-off tapgyryna çykdy

Braziliýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Şotlandiýany 3:0 hasabynda ýeňip, C toparçada birinji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykdy.

Gollary Winisius (7-nji we 45+3-nji minutlarda) hem-de Mateus Kunýa (60-njy minutda) geçirdi. Duşuşygyň 76-njy minutynda bolsa Braziliýanyň milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň netijeli hüjümçi Neýmar 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabryndan bäri ilkinji gezek meýdança çykdy.

Braziliýa 7 utuk toplap, toparçada birinji boldy. Marokko hem Gaitiden 4:2 hasabynda üstün çykyp, 7 utuk gazandy. Şeýle-de bolsa, goşmaça görkezijiler boýunça braziliýalylardan yza galyp, ikinji orny eýeledi. Şotlandiýa 3 utuk bilen üçünji, Gaiti bolsa utuk gazanyp bilmän, toparçanyň soňky ornunda ýerleşdi.

1/16 finalda Braziliýa 29-njy iýunda F toparçanyň ikinji orny eýelän ýygyndysy bilen duşuşar. Häzirlikçe bu orna Niderlandlaryň, Ýaponiýanyň we Şwesiýanyň milli ýygyndylary dalaşgärlik edýär.

Marokko bolsa 30-njy iýuna geçilýän gije şol F toparçanyň ýeňijisi bilen güýç synanyşar.