Turkmenportal logo
Düýn 17:04
35533553
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyplary Rumyniýada tomusky önümçilik tejribesini geçýärler

21-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary üçin Rumyniýanyň Kluž-Napoka tehniki uniwersitetinde tomusky önümçilik tejribesi guraldy.

Önümçilik tejribesi iki ýokary okuw mekdebiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk etmek hakynda bagglaşylan ylalaşyga laýyklykda geçirilýär — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Toparyň düzümine akademiki görkezijileri, daşary ýurt dillerini bilmek derejesi we özleriniň programma üpjünçiligi babatdaky işläp taýýarlamalary boýunça berk saýlama tapgyryndan geçen iň zehinli talyplar, şeýle hem institutyň tejribeli mugallymlary we ýolbaşçylary girýär.

Kluž-Napoka tehniki uniwersiteti sebitdäki iň döwrebap ylmy-barlag binýadyna eýe bolan ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Türkmen talyplarynyň ygtyýarynda iň täze serwer, tor we robototehniki enjamlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen merkezler bar.

Talyplar maglumatlary gaýtadan işlemegiň intellektual enjamlaryny işjeň öwrenýärler, telekommunikasiýa ulgamlaryna toplumlaýyn anyklaýyş geçirmegi hem-de programma üpjünçiligindäki gowşaklyklary ýüze çykarmak üçin synaglary geçirmegi özleşdirýärler.

Bu önümçilik tejribesiniň özboluşly aýratynlygy talyplaryň Rumyniýada wekilhanalaryna we önümçilik kärhanalaryna eýe bolan dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň önümçilik desgalaryna göni elýeterliliginiň üpjün edilmegidir. Şeýle kompaniýalaryň hatarynda Bosch (Zalau we Žukdaky şahamçalary), Emerson hem-de Tenaris bar.

Rumyniýanyň akademiki jemgyýetçiliginiň ýolbaşçylary bilen geçirilýän resmi duşuşyklaryň çäklerinde türkmen talyplary we mugallymlary Türkmenistanyň häzirki zaman ykdysady we bilim mümkinçilikleri barada yzygiderli tanyşdyrylyş çykyşlaryny geçirýärler.