«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň gurluşyk bazaryna döwrebap arhitektura meýillerini, inženerçilik tehnologiýalaryny we ýokary hil standartlaryny özünde jemleýän metal asma potoloklar ulgamynda toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär. Kompaniýanyň önümleri dürli desgalar — ofis giňişliklerinden we söwda merkezlerinden başlap, iri infrastruktura toplumlaryna çenli niýetlenendir.
Şu günki döwrebap arhitekturada potolok diňe bir interýeriň bezeg guraly bolman, eýsem, has köp wezipeleri ýerine ýetirýär. Ol binanyň inženerçilik ulgamynyň möhüm bölegine öwrülýär: kommunikasiýalary gizlemäge kömek edýär, akustikany gowulandyrýar, yşyklandyryşy guraýar we giňişligiň wizual stilini kemala getirýär. Hut şu sebäpli hem metal potolok gurluşlary täze nesil taslamalarda has görnetin orun eýeleýär.
«Ak Buludyň» hödürleýän harytlarynyň hatarynda metal potolok ulgamlarynyň esasy görnüşleri — kassetaly «Clip-in» we «Lay-on», öýjükli «Petek», şeýle hem reýkaly «Baffle» we «Lamel» çözgütleri bardyr. Her bir ulgam döwrebap binalaryň talaplary nazarda tutulyp işlenip taýýarlanandyr we funksional hem-de estetik interýerleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Kassetaly potoloklar täjirçilik we dolandyryş binalary üçin örän amatly bolup, inženerçilik kommunikasiýalaryna aňsat elýeterliligi üpjün edýär. Gizlin berkidijili ulgamlar bitewi metal örtük täsirini döretmäge mümkinçilik berýär we minimalizm dizaýn ýörelgelerine laýyk gelýär.
Öýjükli «Petek» potoloklary uly meýdanly giňişliklerde — söwda merkezlerinde, wokzallarda, awtosalonlarda we jemgyýetçilik binalarynda has meşhurdyr. Olar howa aýlanyşygy we howpsuzlyk ulgamlarynyň netijeliligini saklamak bilen bir hatarda, inženerçilik torlaryny wizual taýdan gizlemäge kömek edýär.

Reýkaly «Baffle» we «Lamel» potoloklary bolsa giňişligiň kabul edilişini üýtgetmäge: otaglary uzaltmaga, zolaklara bölmäge we interýeriň arhitektura geometriýasyny öňe çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýle çözgütler ofislerde, lukmançylyk we bilim edaralarynda giňden ulanylýar.
«Ak Bulut» metal potoloklarynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri olaryň ulanyşda ygtybarlylygydyr. Materiallar çydamlylygy, zeperlenmäge we çyglylyga garşy durnuklylygy, ideg etmegiň aňsatlygy bilen tapawutlanýar. Goraýjy örtükli sinklenen polat we alýumin ýokary arassaçylyk we howpsuzlyk talaplary bolan otaglar üçin örän amatlydyr.
Kompaniýa ýangyn howpsuzlygyna aýratyn üns berýär. Metal gurluşlar ýanmaýan materiallara degişlidir, bu bolsa olary köp adam geçýän we howpsuzlyk talaplary berk bolan desgalaryň gurluşygynda zerur çözgüde öwürýär.
Akustik rahatlyk möhüm bolan otaglar üçin «Ak Bulut» galmagalyň derejesini peseltmäge we giňişligiň akustikasyny gowulandyrmaga kömek edýän, ýörite ses siňdiriji çözgütleri bolan perforirlenen metal kassetalary öndürýär.
Önümleriň hili ISO 9001, ISO 14001 we ISO 45001 halkara standartlary bilen tassyklanandyr, ýewropa talaplaryna laýyk gelmegi bolsa kompaniýanyň önümlerine «CE» belgisini almaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa «Ak Buludyň» metal potolok ulgamlaryny GDA, Zakawkazýe, Ýakyn Gündogar we Ýewropa bazarlarynda ulanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Металлические потолки «Ak Bulut» — это сочетание технологичности, долговечности и эстетики, созданное для современных архитектурных проектов и пространств будущего.
Kompaniýa şeýle hem arhitektorlar we dizaýnerler üçin aýratyn çözgütleri hödürleýär: RAL şkalasy boýunça dürli reňk görnüşleri, agaç teksturaly örtükler, hrom we beýleki bezeg görnüşleri elýeterlidir. Potolok ulgamlary döwrebap yşyklandyryş, howa aýlanyşygy elementleri we dizaýnerçilik çözgütleri bilen utgaşýar.
«Ak Buludyň» metal potoloklary — bu döwrebap arhitektura taslamalary we geljegiň giňişlikleri üçin döredilen tehnologiýanyň, çydamlylygyň we estetikanyň kämil utgaşmasydyr.