23-nji iýunda Bişkekde ReCATH (Merkezi Aziýa üçin klimatik aýdyňlygyň sebit haby) taslamasynyň jemleýji maslahaty açyldy. Ol başlangyjyň ikinji tapgyrynyň netijelerine we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlandy. Çärede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem FAO-nyň, BMGÖM-iň, ÝUNEP-iň, GIZ-iň we beýleki halkara guramalaryň hünärmenleri gatnaşýarlar.
Maslahata gatnaşyjylar taslamanyň 2025-2026-njy ýyllardaky işiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikinji tapgyryň çäklerinde sebitiň ýurtlaryna Milli derejede kesgitlenýän goşantlary (MDKG) durmuşa geçirmekde iş ýüzündäki goldaw berildi. MDKG — bu Pariž ylalaşygyna gatnaşýan her bir döwletiň işläp taýýarlamaga we täzelemäge borçly bolan resmi klimatik meýilnamalarydyr. Olarda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça anyk çäreler bellenilýär. Hususan-da, MDKG 3.0-y taýýarlamak, uýgunlaşma monitoringi we baha bermek ulgamlaryny ösdürmek, şeýle hem klimatik maliýeleşdiriş guralyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp baryldy.
Türkmenistan hem başlangyjyň beýleki gatnaşyjylary ýaly, parnik gazlarynyň milli hasaba alnyşyny kämilleşdirmekde, klimatik syýasata baha bermekde we Pariž ylalaşygynyň Giňeldilen aýdyňlyk çäkleriniň çäginde hasabatlylygy taýýarlamakda ýardam aldy.
Maslahatda ReCATH taslamasynyň mümkin bolan üçünji tapgyry üçin ileri tutulýan ugurlaryň gerimi hem kesgitlenildi. Mundan ozal, 2026-njy ýylyň martynda Sebit dolandyryş komitetiniň mejlisinde gatnaşyjy ýurtlar uýgunlaşma monitoringine sebit çärelerini resmileşdirmegi, MDKG-nyň öňe gidişligine gözegçilik etmek guralyny güýçlendirmegi we klimatik maliýeleşdiriş gurallaryny ösdürmegi esasy ugurlar hökmünde nygtadylar.
ReCATH taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň klimatik aýdyňlyk we Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki borçnamalary ýerine ýetirmek ugrundaky milli we sebit ukybyny güýçlendirmek maksady bilen, 2021-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilip gelinýär.