Futbol boýunça dünýä çempionaty diňe oýunlary bilen däl eýsem, meýdançanyň daşyndaky täsin we duýguly wakalary bilenem ýatda galar. Şeýle wakalaryň biri Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Stole Solbakken bilen baglydyr.
Stole Solbakken Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň ýeňşinden soňra dessine janköýerleriň arasynda oturan aýalyna tarap howlukdy. Barşyna-da ony mäkäm bagryna basdy. Göräýmäge, her bir maşgalada duş gelýän adaty ýagdaý ýaly duýlup biler, emma bu wakanyň aňyrsynda uly taryh ýatyr.
2001-nji ýylda Stol Solbakken «Kopengagende» çykyş edýän mahaly türgenleşikde onuň ýüregi durýar. Futbolçynyň ýüregi birnäçe minutlap urmasyny doly bes edýär, lukmanlar «kliniki ölüm» diagonozyny goýýarlar. Emma aýaly Anniken umydyny üzmeýär...

Şol agyr günlerde Anniken ýoldaşynyň aýak üstüne galmagy üçin elinden gelenini edýär, ýeke başyna iki sany çagany ulaldýar. Ýaňy bir 23-24 ýaşlarynda bolan zenan şol wagt ähli zada bir özi döz gelmegi başarýar.
«Aradan şunça wagt geçse-de, aýalym şol kyn günler barada henizem dil ýaryp bilenok. Onuň şeýle ýaş başyna bu agyr synaglaryň hötdesinden nädip gelendigine entek-enteklerem haýran galýaryn» diýip, Stole gürrüň berýär.
Solbakken 33 ýaşynda oýunçylyk karýerasyny tamamlap, soňra tälimçilik ýoluna başlaýar. 58 ýaşynda bolsa Norwegiýany dünýä çempionatyna çykarýar. Elbetde, ýurduň ýygyndysynyň uzak garaşylan mundiala çykmagynda Solbakkeniň bitiren hyzmaty uly, emma Solbakkeniň özüniň şol çempionata barmagynyň aňyrsynda onuň aýaly Annikeniň yhlasynyň durandygyny hem unutmaly däl.