Turkmenportal logo
Düýn 12:03
53235323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýda itleri sagatlaýyn kärendesine bermek hyzmaty peýda boldy

Hytaýda öý haýwanlaryny söýýänler üçin täze hyzmat görnüşi — itleri sagatlaýyn kärendesine bermek barha meşhurlyga eýe bolýar. Bu hyzmat mart aýynda Wangbu («it bilen gezelenç») atly sosial torlardaky kiçi-goşundynyň esasynda işe girizildi. Platforma Pekin, Şanhaý we Şençžen ýaly iri şäherleriň ýaşaýjylaryna itleri gezelenç etmek üçin wagtlaýyn kärendesine almaga mümkinçilik berýär.

Öý haýwanlarynyň eýeleri öz itleri barada suratlary, häsiýet aýratynlyklaryny we kärende şertlerini öz içine alýan profilleri döredýärler. Hyzmatyň bahasy itiň tohumyna we gezelenjiň dowamlylygyna baglylykda sagadyna 10-dan 60 ýuana çenli (takmynan 1,5–9 ABŞ-nyň dollary) üýtgeýär. Şertler ylalaşylandan soň, kärendeçi bilen eýesi duşuşygyň wagtyny we ýerini gönüden-göni özara kesgitleýärler.

Käbir eýeler öý haýwanlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen goşmaça şertleri hem goýýarlar. Mysal üçin, eýeleriň biri öz itini diňe özüniň gatnaşmagynda gezdirmäge rugsat berýär we ony diňe özüniň beren iýmitleri bilen iýmitlendirmegi talap edýär.

Bu hyzmat çalt ösýän bazaryň bir bölegine öwrüldi. Hytaýyň şäherlerinde öý haýwanlarynyň sany 124 milliondan geçdi, olar üçin niýetlenen harytlaryň we hyzmatlaryň bazar möçberiniň bolsa 2027-nji ýyla çenli takmynan 55 milliard ABŞ-nyň dollaryna ýetmegine garaşylýar.

Şeýle-de bolsa, hyzmatyň täze görnüşi haýwanlary goramak boýunça çykyş edýänlerde alada döredýär. Olar eýeleriniň ýygy-ýygydan çalyşmagynyň itlerde stres, ýagny ruhy dartgynlyk ýagdaýyny döredip biljekdigini duýdurýarlar.