Jaý gurnamak, abatlamak we ony täzelemek ideýalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge kömek edýän ýokary hilli gurallary talap edýär. Aşgabatda ýerleşýän «Ak Gaýa» dükany professional gurluşyk enjamlarynyň we gurallarynyň giň görnüşlerini hödürleýär. Olaryň arasynda bazarda uly ynamdan peýdalanýan «Ingco», «Emtop», «Total» we beýleki meşhur halkara brendleriň önümleri bar.
Dükanda hödürlenilýän harytlaryň hatarynda dürli gurluşyk we abatlaýyş işleri üçin niýetlenen enjamlar bar: elektrikli enjamlar, el gurallary, ussalar üçin niýetlenen enjamlar hem-de professional hünärmenler, şeýle-de işleri özbaşdak ýerine ýetirmegi halaýanlar üçin zerur bolan ähli serişdeler hödürlenilýär.

«Ak Gaýa» dükanynyň esasy artykmaçlygy — hiliň, ygtybarlylygyň we söwda amatlylygynyň utgaşmagydyr. Meşhur brendleriň önümleriniň köpdürlüligi netijesinde, alyjylar amatlylygy, çydamlylygy bilen tapawutlanýan we dürli görnüşli işleri ýerine ýetirmäge laýyk gelýän gurallary saýlap bilerler.
Mundan başga-da, dükan harytlary almagyň örän amatly şertlerini hödürleýär: ähli alyjylara harytlary 3 ýyla çenli möhlet bilen garaşaryna satyn almak mümkinçiligi elýeterlidir.

Gurluşyk enjamlarynyň ähli görnüşleri bilen tanyşmak we zerur bolan enjamlary saýlap almak üçin «Ak Gaýa» dükanyna aşakdaky salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
Aşgabat ş., G. Kuliýew köçesi (Obýezdnaýa), 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy.
Dükan her gün sagat 8:00-dan 21:00-a çenli işleýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
59 57 57,
55 54 10,
(+993 64) 66 44 88.
«Ak Gaýa» — gurluşykda we abatlaýyşda hile hem-de professional çemeleşmä ähmiýet berýänler üçin ygtybarly saýlawdyr.