11-nji iýulda Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde «Melodiýa» orkestriniň konserti geçiriler. Orkestre halkara bäsleşikleriniň laureaty Annaoraz Döwletow ýolbaşçylyk eder.
Sazandalar diňleýjilere dürli stillere, döwürlere we geografik sebitlere degişli eserlerden düzülen bitewi maksatnamany hödürlärler. Repertuarda milli bölüme aýratyn orun berler. Onda Baýram Taganow bilen Aýna Şirowanyň eserleri ýerine ýetiriler. Bu eserlerde türkmen sazlarynyň milli öwüşgini häzirki zaman orkestriň sazlaşygy bilen utgaşýar.
Konsertiň dowamynda orkestr üçin täzeden işlenip taýýarlanan dünýä belli saz eserleri hem ýaňlanar. Guramaçylaryň bellemegine görä, konsertiň maksatnamasy diňleýjileri saz bilen janly interaktiw görnüşde baglanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Konsert sagat 19:00-da başlanar.
Biletleri öňünden sargyt etmek üçin telefon belgileri:
+993 62 82-28-27
+993 63 04-96-86