Polşa Respublikasyna iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow Polşa Respublikasynyň içeri işler ministriniň orunbasary jenap Matseý Duşçik bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda migrasiýa ulgamlaryny sanlylaşdyrmak we migrasiýa syýasatyny ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda sebit we ählumumy derejelerde migrasiýany dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy hem aýratyn ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow Polşa Respublikasynyň Daşary ýurtlylaryň işleri boýunça edarasynyň ýolbaşçysy jenap Tomaş Tsitrinowiç bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Iş duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýa babatda özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny utgaşdyrmagyň ähmiýetini bellediler hem-de howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýany dolandyrmagyň möhüm meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar. Şeýle hem migrasiýa ulgamynda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.