Turkmenportal logo
Şu gün 10:00
30943094
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýada ýaşaýan gar barslarynyň sany belli edildi
Surat: gazeta.ru

Russiýanyň daglyk sebitlerinde irbisleriň – dag barslarynyň 100-e golaýy bolup biler. Bu barada «Irbis gar barslaryny öwrenmek we gorap saklamak boýunça merkez» sebitara assosiasiýasynyň hossarlyk geňeşiniň  ýolbaşçysy Ali Uzdenowa salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.

Uzdenow häzirki wagtda ýurtda resmi taýdan 87 barsyň hasaba alnandygyny, emma ähli etraplary alanyňda, olaryň sanynyň 90-100 bolmagynyň mümkindigini çaklaýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda gar barslarynyň umumy ýaşaýan ýerleriniň diňe 14 göterimi öwrenilendir.

Ýurduň sebitleri boýunça paýlananda ýagdaý şeýle: Altaý Respublikasynda — 54, Tywa Respublikasynda — 15, Krasnoýarsk ülkesinde — 11 we Burýat Respublikasynda 7 baş gar barsy ýaşaýar.