Turkmenportal logo
Şu gün 09:47
24272427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen ABŞ ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşington şäherinde ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen onuň iş otagynda duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklaryny syýasy, ykdysady, söwda we energetika ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn çärelere aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.