Turkmenportal logo
Şu gün 09:23
25982598
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky Fransuz instituty «Pikirler gijesini» geçirdi

Ýekşenbe güni Aşgabatdaky Fransuz instituty dünýäniň dürli künjeklerinden adamlary birleşdirýän halkara başlangyç bolan «Pikirler gijesini» gurady we geçirdi.

Guramaçylar çäräniň maksatnamasyny gatnaşyjylara şahsy we hünär taýdan ösüş ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýän häzirki zaman mowzuklarynyň esasynda düzdüler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, medeniýet pudagyna gyzyklanýanlar üçin «Sungat we bilim» atly mejlis geçirildi. Oňa çagyrylan bilermenler – kinorežissýor we suratçy Erkin Ýazow, suratkeş Şirin Begmyradowa, horeograf Allamyrat Saparow hem-de aktýor Sergeý Kiselew öz hünär tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Iň köp gatnaşyjyny emeli aň we geljegiň hünärlerine bagyşlanan tegelek stol çekdi. Ýerli IT hünärmenleri, ýagny Front-End Web işläp düzüji Ylýas Seýisow we meýletinçi-hemaýatçylyk işi bilen meşgullanýan Jemal Uwarowa sanly howpsuzlygyň inçe taraplary barada gürrüň berdiler.

Diňleýjiler emeli aňyň zähmet bazaryna ýetirýän täsiri, Türkmenistanda sanly özgertmeleriň geljegi hem-de özbaşdak bilim almak üçin täze mümkinçilikler baradaky çekişmelere işjeň gatnaşdylar. «Ekologiýa we durnukly ösüş» platformasyndaky pikir alyşmalar hem gyzgalaňly geçdi. Çykyş edenler «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky üstünlikli tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Baý mazmunly maksatnama döredijilik çykyşlary bilen tamamlandy. Hor aýdymlary we «açyk mikrofon» görnüşindäki çykyşlar ýaş ýerine ýetirijilere öz ussatlyklaryny görkezmäge mümkinçilik berdi.

«Pikirler gijesi» Pariždäki Fransuz institutynyň halkara başlangyjy bolup, dünýäniň onlarça şäherini bitewi intellektual giňişlikde birleşdirýär.