Turkmenportal logo
Şu gün 09:14
10211021
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Angliýa bilen Gana 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyndaky oýunda ýeňijini kesgitläp bilmedi

Angliýanyň we Gananyň milli ýygyndylary futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Oýun ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Foksboro şäherinde geçirildi.

Gananyň milli ýygyndysynyň esasy düzüminde ýarym goragçy Tomas Parti meýdança çykdy. Ol Kanadanyň häkimiýetleriniň giriş wizasyny bermekden ýüz öwürmegi sebäpli Panama bilen geçirilen birinji duşuşygy (1:0) goýberipdi.

Iki tapgyryň netijeleri boýunça Angliýanyň we Gananyň ýygyndylary 4 utuk toplap, L toparçada öňdäki orunlary eýeleýärler.

Soňky tapgyrda Angliýa Panama bilen duşuşar, Gana bolsa Horwatiýa bilen oýnar. Duşuşyklar 28-nji iýunda geçiriler.