Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýunda iki gol geçirip, birbada birnäçe rekordyň eýesi boldy. Duşuşyk portugaliýalylaryň 5:0 hasabyndaky uly ýeňşi bilen tamamlandy.
Portugaliýanyň ýygyndysy ýaryşa Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndysy bilen garaşylmadyk 1:1 hasabynda deňme-deňlik bilen başlapdy. Şol oýunda Ronaldu topa örän az degip, milli ýygyndynyň düzüminde iri halkara ýaryşlarynda 10 oýun bäri gol geçirip bilmezlik ýaly antirekordy gaýtalady. Özbegistana garşy oýunda bolsa 41 ýaşly hüjümçi ýagdaýy düzetdi.
Şu oýna gatnaşmak bilen Ronaldu Dünýä çempionatlarynda iň köp oýun geçiren futbolçylaryň sanawynda üçünji orna çykdy. Özbegistana garşy duşuşyk onuň üçin Dünýä çempionatlaryndaky 24-nji oýun boldy. Şeýlelikde, ol italiýaly Paolo Maldiniden öňe geçip, germaniýaly Miroslaw Kloze bilen deňleşdi. Dünýä çempionatlarynda diňe argentinaly Lionel Messi (28 oýun) we germaniýaly Lotar Matteus (25 oýun) has köp duşuşyk geçiripdir.
Duşuşygyň bary-ýogy 6-njy minudynda Ronaldu Žuan Kanselunyň pasyndan soň hasaby açdy we Dünýä çempionatlarynyň altysynda hem gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Mundan öň ol bu görkeziji boýunça bäş Dünýä çempionatynda gol geçiren Messi bilen birinji orny paýlaşýardy.
Ronaldu şeýle hem 40 ýaşdan uly bolup, Dünýä çempionatynyň oýnunda gol geçiren taryhdaky ikinji futbolçy boldy. Bu ugurda rekord henizem kamerunly Rože Milla degişli bolup galýar. Ol 1994-nji ýylyň Dünýä çempionatynda Russiýanyň ýygyndysyna garşy 42 ýaşynda gol geçiripdi.
17-nji minutda jerime urgusy ýerine ýetirilende garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Hemmeler Ronaldunyň urgusyna garaşan mahaly goragçy Nunu Mendeş pökgini derwezäniň aşaky çep burçuna gönükdirdi. Az salymdan onuň bu karary öz miwesini berdi: 39-njy minutda Bruno Fernandeşiň ýokardan beren pasyndan soň Ronaldo ikinji goluny geçirip, Dünýä çempionatynyň oýnunda iki gol geçiren 40 ýaşdan uly ilkinji futbolçy hökmünde taryha girdi.
Bu gol Ronaldo üçin Dünýä çempionatlaryndaky 10-njy gol boldy we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň ýokary netije hökmünde hasaba alyndy. Şeýle hem ol Dünýä çempionatlarynda 10 gollyk sepgide ýeten 16 futbolçynyň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda bu sanawyň başynda 18 gol bilen Lionel Messi durýar. Ol şu çempionatda eýýäm 5 gezek tapawutlandy. Ronaldo üçin DÇ-2026-daky bu gollar futbol ýolundaky 974-nji we 975-nji gollar boldy. Şolardan 145-si milli ýygyndy üçin, 830-sy bolsa klub derejesinde geçirildi.
«Men örän şat, ýöne meniň üçin iň möhüm zat toparymyzyň işi we görkezýän ynamydyr — diýip, Ronaldu FIFA-nyň metbugat gullugyna beren beýanatynda aýtdy. — Topar hakykatdanam gowy çykyş etdi we öz oýnuny ep-esli gowulandyrdy. Aýdylyşy ýaly, her bir buludyň arasynda ýagtylyk şöhleleri bolýar. Elbetde, şahsy rekordlar meniň üçin ýakymly, ýöne esasy maksadym milli ýygynda öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge kömek etmekdir».
Oýnuň galan bölegi çekeleşikli ýagdaýda geçdi. 60-njy minutda Abduwohid Nematow pökgini öz derwezesine girizdi, 87-nji minutda bolsa Rafael Leau soňky hasaby kesgitledi — 5:0.
Toparçadaky soňky tapgyrda Portugaliýa Kolumbiýa bilen, Özbegistan bolsa Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndysy bilen duşuşar. Iki oýun hem 28-nji iýunda geçiriler.
Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony we Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisidir. Ol milli ýygyndylaryň taryhynda, Ýewropa çempionatlarynda, Çempionlar ligasynda we klublaryň arasyndaky Dünýä çempionatlarynda iň köp gol geçiren futbolçy hökmünde birnäçe rekorda eýedir. Şeýle hem ol bäş gezek «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy. Ronaldu 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunda çykyş edýär. Ondan öň dürli ýyllarda Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Italiýanyň «Ýuwentus» hem-de Ispaniýanyň «Real Madrid» toparlarynda oýnady.