Türkmenistanyň günbatar sebitinde başlanan Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni hem dürli wakalara baý boldy. Medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň özboluşly baýramçylygyna öwrülen hepdeligiň çäreleri türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmek, onuň köpöwüşginliligini giňden açyp görkezmek babatda uly ähmiýete eýedir.

TDH-de habar berlişi ýaly, Gyzylarbat etrabyndaky medeniýet merkezinde «Hatyrasy belent halypalar» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda Baýram şahyryň, Türkmenistanyň halk artistleri Sary Garryýewiň, Giçgeldi Amanowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýramguly Aýjanowyň döredijiligi, ömür ýoly barada täsirli söhbet edildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda aýdym-sazlar hem ýaňlandy. Çykyşlarda Baýram şahyryň döredijilik mirasyndan aýdymlara, döwrebap eserlere uly orun berildi. Şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda «Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti» atly maslahat geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasy köp adamly boldy. Bu ýerde «Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy, şeýle hem ýurduň halypa we ýaş şahyrlarynyň «Ylham joşguny» atly edebiýat agşamy geçirildi. Dabarada bu bäsleşigiň döredijilik bilen meşgullanýanlaryň arasynda uly gyzyklanma döredendigi aýdyldy. Halypa we ýaş şahyrlaryň «Ylham joşguny» atly edebiýat agşamy has-da täsirli boldy.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde belent ruha beslenen ajaýyp wakanyň şaýady boldular. Bu ýerde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda halk aýdym-sazlarynyň, estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynyň folklor toparlarynyň özboluşly tanslary bilen utgaşmagy medeni çäräniň maksatnamasynyň döwrebap derejede taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşilendigini görkezýär.

Hepdeligiň ikinji gününiň çäreleri Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda jemlendi. Bu ýerde «Bedew rowaýaty» atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Ýatlap geçsek, şu ýyl Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi 22-nji iýun bilen 27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda geçirilýär.