Turkmenportal logo
Şu gün 09:30
46994699
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Ozal habar berşimiz ýaly, döwlet Baştutany Azerbaýjana saparynyň ikinji gününde Fizuli hem-de Şuşa şäherlerine baryp gördi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana bolan döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Fizuli şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen mähirli hoşlaşyp, Türkmenistana ugrady.

Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar we gazanylan ylalaşyklar bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmekde berk binýat bolmak bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge itergi berer.