Turkmenportal logo
Şu gün 16:36
51555155
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident Serdar Berdimuhamedowa «garabag» tohumyndan bolan bedew sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli şäheri bilen tanyşlykdan soňra Prezident Ilham Aliýew bilen bilelikde awtoulagda Şuşa şäherine ugradylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Deňiz derejesinden 1 müň 368 metr belentlikde ýerleşýän Şuşa şäheri Azerbaýjanyň medeni paýtagty hasaplanylýar.  XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda Şuşa Kawkazyň sazçylyk merkezine öwrülýär. Gözel tebigaty we arassa howasy üçin Şuşa şypahana şäheri hasaplanylýar. Şäheriň taryhy merkezinde gadymy binalar, suw çeşmeleri, metjitler, kerwensaraýlar, aramgähler, medreseler we galalar bar.

Şuşa şäherine gelenlerinden soňra, döwlet Baştutanlary bu ýerde gurulýan täze ýaşaýyş toplumyna baryp gördüler. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde bina edilýän Şuşa metjidiniň gurluşygyny synlady. Metjidiň gurluşygy bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutany hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Geýdar Aliýew we Garabag baradaky surat sergisi bilen tanyşdylar. Soňra döwlet Baştutanlary bu şäherdäki taryhy we medeni merkezlere baryp gördüler.

Şäher bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Bu ýerde dostlukly ýurduň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi garabag atlarynyň özboluşly tanyşdyrylyşyna öwrüldi. Jydyr düzünde Türkmenistanyň Prezidentine belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde «garabag» tohumyndan bolan bedew sowgat berildi. Munuň özi mizemez türkmen-azerbaýjan dostlugynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.