Turkmenportal logo
Şu gün 12:12
27332733
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE dünýäde bäsdeşlige ukyply ýurtlaryň bäşligine girdi
Surat: ria.ru

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) «IMD World Competitiveness Yearbook 2026» ählumumy reýtinginde dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply döwletleriniň bäşligine girdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi. Ylmy barlaglar döwletleriň işewürligiň durnukly ösüşi we uzak möhletleýin ösmegi üçin amatly gurşawy döretmek mümkinçiligine baha bermek maksady bilen geçirildi.

Emirligiň «Gulfnews» neşiriniň ýazmagyna görä, ýurt esasy makroykdysady görkezijiler babatda iň öňdebaryjy ýurt hökmündäki abraýyny hem berkitdi. BAE-niň bu ugurdaky üstünliginiň esasy şertleri hökmünde býurokratiýanyň pes derejesi, üýtgeýän şertlerde döwlet syýasatynyň çeýeligi we awiasiýa infrastrukturasynyň ýokary derejesi görkezilýär.

«Bäsdeşlige ukyplylyk – bu diňe bir halkara reýtinglerinde ýokary galmak däl-de, adamlaryň durmuş şertlerini gowulandyrýan we ýurda ählumumy ynamy berkidýän ýokary ölçegleri goldamakdyr» diýip, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum aýtdy.

Häzirki gün BAE ilatyň emeli aňa we täze işewürligi döretmegiň depginlerine ynamy boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär.