22-nji iýunda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň binýadynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri, Hytaý nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.
Çykyş edenler bilim, ylym we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine alýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini aýratyn nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň aprel aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýer-ministriniň orunbasary Din Sýuesýanyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde açylan «Lu Ban ussahanasynyň» üstünlikli işi hem bellenildi.
Iş duşuşyklarynyň dowamynda taraplar ugurdaş bilimleriň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, iki ýurduň öňdebaryjy nebit-gaz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki bilim taslamalaryny ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäräniň resmi bölegiň tamamlanmagyndan soňra Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary hem-de türkmen diplomatlary Hytaý nebit uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekili talyplary ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy hem-de 2026-njy ýylyň şygarynyň — «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýörelgäniň ähmiýetini belledi.