Turkmenportal logo
Şu gün 11:21
21692169
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«France 24»: Yssy howa sebäpli mekdepler we kollejler ýapyldy
Surat: gazeta.ru

Fransiýanyň sebitleriniň üçden bir böleginde, ýagny 96 departamentiň 35-sinde görlüp-eşidilmedik jokrama yssy sebäpli howa howplulygynyň iň ýokary – gyzyl derejesi yglan edildi. Bu barada «France 24» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Howpsuzlyk çäreleriniň hatarynda ýurtda mekdeplerdir kollejlerde sapaklar ýatyryldy. «Fête de la Musique» umumymilli saz festiwalynda alkogolly içgileri satmak we içmek gadagan edildi. Şeýle hem demir ýol gatnawlarynyň onlarçasy ýatyryldy.

Howa şertleri bilen baglylykda, Fransiýanyň Hökümet başlygy Sebastýen Lekornýu ýurduň edaralarynyň gatnaşmagynda kynçylyklara garşy merkez döretdi.