Turkmenportal logo
Şu gün 10:45
22512251
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Marydaky «Täze Aý» söwda merkezi öz önümleriniň we täze azyk harytlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär

«Täze Aý» haryt nyşany bilen önüm öndürýän önümçilik birleşigi önümleriniň ýokary hili, görnüşleriniň köpdürlüligi we halkara standartlarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi netijesinde, Türkmenistanyň bazaryndaky ornuny yzygiderli berkitmegini dowam etdirýär. Kärhananyň hil, howpsuzlyk we önümçiligiň aýdyň bolmagy ýaly ýörelgelere ygrarly galmagy sarp edijileriň ynamyny gazanmakda iň esasy şertleriň biri bolup durýar.

Bu ýörelgeler kompaniýanyň Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Täze oba” daýhan birleşiginde ýerleşýän «Täze Aý» söwda merkeziniň işinde hem öz beýanyny tapdy. Bu ýerde alyjylar kärhananyň öndürýän önümleriniň ähli görnüşlerini satyn alyp bilerler.

Dükanyň tekjelerinde «Täze Aý» brendi astynda öndürilýän süýt önümler - doňdurmalar, şöhlat önümleri, ýarym taýýar et önümleri, täze balyklaryň görnüşlerini, konditer önümleri, kökeler, wafli, şokolad önümleri we beýleki harytlar hödürlenilýär. Kompaniýa önümleriň tagamyna, daşky görnüşine we sarp edijileriň döwrebap talaplaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berýär.

Önümleriň arasynda ter miweler we gök önümler aýratyn orun eýeleýär. «Täze Aý» kärhanasy Türkmenistanda miwe önümleriniň halkara söwdasynyň esasy gatnaşyjylarynyň biri bolup, dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary hilli önümleriň getirilmegine işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda kompaniýa ýylyň dowamynda alyjylara harytlaryň baý görnüşlerini hödürlemek bilen, ýurduň bäş welaýatyny hem ter miweler bilen üpjün edýär.

Söwda merkezinde, kompaniýanyň harytlaryndan başga-da, miwe suwlary hem-de gazlandyrylan içgileriň we gündelik sarp edilýän beýleki önümleriň giň toplumlary bilen bile parfýumeriýa we öý hojalyk harytlary hödürlenilýär. Bu bolsa Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna öý we baýramçylyk saçagy üçin zerur bolan ähli harytlary bir ýerden toplumlaýyn görnüşde satyn almaga mümkinçilik döredýär.

Kompaniýada önümçiligiň we saklamagyň ýokary standartlaryna laýyk gelýän, ýokary hilli hem-de howpsuz azyk harytlary bilen alyjylary üpjün etmegiň özleriniň esasy wezipesi bolup durýandygyny belleýärler.

«Biz tutuş maşgala üçin täze we ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini hödürlemek bilen, sarp edijilerimiziň ynamyny ödemäge çalyşýarys» diýip, kärhananyň wekilleri nygtadylar.