Turkmenportal logo
Şu gün 10:01
36283628
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda russiýaly diplomatlar Beýik Watançylyk urşunda şehit bolanlary hatyraladylar
Surat: Surat: ria.ru

Aşgabatdaky russiýaly diplomatlar Belarusyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde Beýik Watançylyk urşunda şehit bolanlary hatyraladylar. Bu barada RIA habarlar saýtynda habar berilýär.

​Çäre Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çägine ýanaşyk ýerleşen «Hatyra seýilgähinde» geçirildi. Oňa Russiýa prawoslaw buthanasynyň ruhanylary we A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki rus-türkmen mekdebiniň okuwçylary hem gatnaşdylar.

​Dabaranyň öňüsyrasynda çykyş eden Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolýnkin 1941 — 1945-nji ýyllarda sowet halklarynyň faşistlere garşy söweşde boýun egmän ägirt uly ýeňiş gazanandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, bu senäni unutmaly däldir. «Häzir köp adamlar taryhy özleriçe üýtgetmäge, ony öz düşünjeleri boýunça okamaga synanyşýarlar. Hatda Sowet Soýuzyny hyýanatçylykly çozuşda günäkärleýänler hem bar. Ýöne biz taryhy bilýäris we biziň wezipämiz bu hakykaty çagalarymyza we geljekki nesillere ýetirmekdir. Diňe olaryň ýatlamagy üçin däl, eýsem mundan beýläk şeýle pajygaly wakalar gaýtalanmazlygy üçin» – diýip, ilçi nygtady.