Turkmenportal logo
Şu gün 09:57
23072307
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Trampyň tarapdary Kolumbiýada Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Surat: mir24.tv

Aňrybaş sagçy millioner-hukukçy hem-de Donald Trampyň tarapdary Abelardo de la Esprielýa Kolumbiýada ýekşenbede bolan Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda esasy bäsdeşi senator Iwan Sepedany ýeňdi. Sesler sanalanda, Esprielýanyň 49,66 (12,96 million) we  Sepedanyň 48,7 göterim (12,7 mln) ses alandygy belli boldy. Aratapawut 250 830 sesi düzdi diýip, «MIR 24» habar berdi.

Ýeňiş dört ýyl ýurdy dolandyran çepçi Prezident Gustawo Petrodan soňra ýurtda düýpli syýasy öwrüm edilendigini aňladýar. Petro saýlawlarda beýleki dalaşgär Sepedany goldady. Abelardo de la Esprielýa ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň goldawyny aldy.

Ýeňşi bilen bagly çykyşynda täze Prezident Konstitusiýa hormat goýjakdygyny hem-de jenaýatçylykly toparlara garşy aýgytly göreşjekdigini, olary «edil alakalar we saçakçylar ýaly ýok etjekdigini» nygtady.

47 ýaşly Abelardo de la Esprielýa öň döwlet wezipesinde bolmandy.