Turkmenportal logo
Şu gün 09:31
18601860
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«The Guardian»: El-Ninonyň dolanmagy azyk howpsuzlygyna eltip biler
Surat: point.md

Alymlar El-Nino howa hadysasynyň gaýdyp gelmeginden biynjalyk bolýarlar, ol dünýäniň sebitleriniň köpüsinde ilatyň azyk howpsuzlygyna hem-de saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler. Bu barada «The Guardian» habar berdi.

ABŞ-nyň Umman we atmosfera barlaglary milli edarasynyň (NOAA) maglumatlaryna laýyklykda, El-Ninonyň ýylyň aýagynda iň ýokary güýje eýe bolmak ähtimallygy 63 göterimi düzýär.

Awstraliýanyň meteorologiýa edarasy bolsa, adatdan daşary yssynyň güýçlenjekdigini we tokaý ýangynlarynyň köpeljekdigini duýdurýar. Alymlar geçen El-Nino hadysasynyň çynlakaý ykdysady we haýyr-sahawat netijelere getirendigini bellediler. Bu ýylky hadysanyň yzlarynyň has uly boljakdygy barada çaklamalara eýerip, oňa «super El-Nino» diýip at berildi.