Turkmenportal logo
Şu gün 08:51
44144414
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Norwegiýanyň milli ýygyndysy Senegaly ýeňip, futbol boýunça dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy

Norwegiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Senegalyň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňip, möhletinden öň pleý-off tapgyryna çykmagy üpjün etdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherinde geçirildi.

Ýeňijileriň düzüminde gollary Markus Pedersen 43-nji minutda, Erling Holand 48-nji we 58-nji minutlarda geçirdiler. Senegalyň toparynda bolsa Ismaila Sarr 53-nji hem-de 90+3-nji minutlarda tapawutlandy. Şeýlelikde, Holandyň şu dünýä çempionatyndaky gollarynyň sany dörde ýetdi. Bu görkeziji boýunça ol Fransiýanyň hüjümçisi Kilian Mbappe bilen deňleşdi. Ýaryşyň iň köp gol geçiren oýunçysy häzirlikçe bäş gol geçiren argentinaly Lionel Messi.

Bu ýeňiş Norwegiýanyň milli ýygyndysy üçin 1998-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini üpjün etdi. Şol çempionatda norwegler toparçalaýyn tapgyrda bir ýeňiş gazanyp, iki duşuşygy deňme-deň tamamlapdylar. Emma 1/8 finalda Italiýanyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda ýeňlipdiler.

Toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşyklarynda Norwegiýa Fransiýa bilen, Senegal bolsa Yrak bilen duşuşar. Iki oýun hem 26-njy iýunda geçiriler.