Turkmenportal logo
22.06.26
28412841
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze bişen çörek önümleri, doňdurmalar we kokteýller: «Naýbaşy» konditer dükany nämeler hödürleýär?

«Naýbaşy» konditer dükany Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýokary hilli önümlerden taýýarlanylan täze bişen çörek önümleriniň, süýjülikleriň hem-de tortlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Kärhanada islendik tagamdaky süýjülikleri, şeýle hem tomsuň yssy günlerinde serginlediji doňdurmalary we kokteýlleri satyn alyp bilersiňiz.

«Naýbaşy» konditer dükanynda sargyt esasynda tortlary taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Müşderiler doglan günler, toýlar, işewürlik çäreleri, ýubileýler we beýleki dabaralar üçin baýramçylyk tortlaryny sargyt edip bilerler. Konditer ussatlary tortuň bezegi we içiniň tagamy baradaky islendik şahsy islegleri durmuşa geçirmäge hem-de islendik baýramçylygyň bezegine öwrüljek täsin süýjülikleri döretmäge elmydama taýýardyr.

Bu ýerde konditer önümlerinden başga-da, müşderilere ýanyň bilen alyp gitmek ýa-da dükanyň ýakymly gurşawynda dadyp görmek üçin täze bişen çörek önümleri hödürlenilýär. Tomus paslynda bolsa doňdurmalar we dürli görnüşli kokteýller aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar.

«Biz her gün täze önümlerimiz bilen myhmanlarymyzy begendirmäge çalyşýarys. Biziň üçin her bir müşderiniň «Naýbaşyda» öz gowy görýän tagamyny tapmagy we bize ýene-de dolanyp gelmegi örän wajypdyr. Şeýle hem biz müşderilerimiziň durmuşyndaky iň möhüm pursatlar üçin ýörite tortlary uly höwes bilen döredýäris» diýip, konditer dükanynda bellediler.

«Naýbaşy» konditer dükanynda hödürlenilýän önümleriň yzygiderli täzelenip durýandygy aýratyn nygtalýar, bu bolsa myhmanlara täze süýjülikler we konditer önümleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Sargyt etmek üçin telefon belgileri: +99365 532303, +99363 532303, +99361 532303.