Turkmenportal logo
Şu gün 09:20
16191619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belent Bilim» okuw merkeziniň okuwçylary ELITE we MathXCEL halkara olimpiadalarynda 13 medal gazandylar

Mary welaýatynda ýerleşýän «Belent Bilim» okuw merkeziniň okuwçylary ELITE we MathXCEL halkara olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, dünýäniň onlarça ýurdundan gatnaşan bäsdeşleriň arasynda Türkmenistana wekilçilik etdiler hem-de jemi 13 medal gazandylar. Bäsleşiklere okuw merkeziniň 12 okuwçysy gatnaşyp, iňlis dili we matematika ugurlary boýunça ýokary netijeleri görkezdiler.

Olimpiadanyň jemleýji netijelerine görä, «Belent Bilim» okuw merkeziniň okuwçylary üç altyn, bäş kümüş we bäş bürünç medal gazandylar. Aýratyn üstünlik görkezen okuwçy Amir Ali Ibragimow mümkin bolan 100 baldan 100 bal toplap, halkara bäsleşigiň ähli gatnaşyjylarynyň arasynda iň ýokary netijäni gazandy.
Altyn medallara şeýle hem Şöhrat Öwezdurdyýew we Mähri Nurlyýewa mynasyp boldular. Olar saýlanan ugurlary boýunça çuňňur bilimlerini we ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.

Halkara ELITE olimpiadasy iňlis dili boýunça geçirilýän abraýly bäsleşik bolup, okuwçylaryň bilim derejesini, dil başarnyklaryny we akademiki taýýarlygyny halkara derejede bahalandyrýar. Olimpiadanyň tabşyryklary halkara IELTS synagynyň ölçegleriniň esasynda taýýarlanylýar, bu bolsa iňlis dili boýunça başarnyk derejesini adalatly kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Her ýyl ELITE olimpiadasy dünýäniň dürli ýurtlaryndan 1–12-nji synp okuwçylaryny birleşdirýär. Olimpiadanyň jemleýji tapgyrlary halkara bilim meýdançalarynda, şol sanda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetinde (UCLA) hem-de Awstraliýanyň Sidneý şäheriniň tehnologiýa uniwersitetinde (University of Technology Sydney) geçirilýär.

ELITE bilen bir hatarda «Belent Bilim» okuw merkeziniň okuwçylary MathXCEL halkara matematika olimpiadasyna hem gatnaşýarlar. Bu bäsleşik okuwçylaryň logiki pikirlenişini ösdürmäge, mesele çözmek ukyplaryny kämilleşdirmäge we matematika boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Okuw merkeziniň okuwçylarynyň ýokary netijeleri olaryň ulgamlaýyn taýýarlygynyň hem-de ýaşlaryň halkara bilim üstünliklerine ymtylmagynyň netijesi boldy. Bilimi ösdürmäge goşan goşandy we okuwçylara berýän goldawy üçin «Belent Bilim» okuw merkeziniň direktory Nāzliýewa Güljemile hem-de «Bilimli kent» kompaniýasynyň wekili Rejepowa Maýa minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandylar.

ELITE we MathXCEL ýaly halkara olimpiadalara gatnaşmak mekdep okuwçylary üçin tejribe toplamak, aň-paýhas mümkinçiliklerini açyp görkezmek hem-de dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralarynda geljekki okuwlara ýol açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.