Turkmenportal logo
Şu gün 13:06
51735173
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMGÖM Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça okuw seminaryny geçirdi

19-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmäge bagyşlanan okuw seminary geçirildi.

Seminar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maliýe bazarlaryny ösdürmek üçin institusional hem-de kadalaşdyryjy-hukuk gurşawyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guraldy.

BMGÖM-niň metbugat beýanatyna görä, çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabadyň gazna biržasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Okuw seminary konstruktiw gepleşikler we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Şeýle-de ol gatnaşyjylara gymmatly kagyzlar bazarynyň infrastrukturasyny, şeýle hem brokerçilik işiniň hukuk, usulyýet we amaly taraplaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Geçirilen ara alyp maslahatlaşmalar bazar infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň, brokerçilik hyzmatlaryny ösdürmegiň hem-de Türkmenistanda aç-açan, netijeli we durnukly işleýän gymmatly kagyzlar bazaryny kemala getirmegiň amaly ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etdi.

Seminaryň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň esasy düzüm bölekleri baradaky düşünjelerini pugtalandyrdylar hem-de bu pudagy mundan beýläk ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça umumy garaýşa geldiler. Şeýle-de olar degişli kadalaşdyryjy-hukuk we institusional binýady kämilleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Bu başlangyç BMGÖM bilen milli hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň maliýe bazarynyň durnukly ösüşi üçin ykdysady özgertmeleri goldamak we berk esaslary döretmek ugrunda dowam edýän hyzmatdaşlygyny şöhlelendirýär.

Bilelikdäki taslama kanunçylygy we kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň strategiýasyny taýýarlamaga, institusional kuwwaty berkitmäge, hünärmenleriň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, şeýle hem döwrebap depozitariýa ulgamyny döretmäge aýratyn üns berýär.

Bu tagallalaryň netijesinde taslama ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin maksatlaryny goldamaga ukyply, has durnukly, öz içine alyjy we netijeli maliýe ulgamynyň kemala gelmegine ýardam berýär.